Wengriýada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçirildi
21.05.2025 | 22:00 |Wengriýanyň paýtagty Budapeştde 20–21-nji maý aralygynda Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza döwlet baştutanlarynyñ resmi däl sammiti geçirildi. Bu gurama türki döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredilen halkara guramadyr. Guramanyň doly hukukly agzalary: Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe we Azerbaýjan. Wengriýa bilen Türkmenistan bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýarlar.
Resmi däl duşuşyga gatnaşan döwlet baştutanlary Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen gepleşik geçirdiler. Şeýlelik bilen, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiñ wengriýaly kärdeşi bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde, iki ýurduň gatnaşyklarynyň giňeldilen strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylmagy barada ylalaşyldy. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, Mirziýoýew bilen Orban, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ilkinji tapgyrda 500 million ýewro çenli artdyrylmagy maksady bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar, şeýle hem bank we maliýe ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.
Wengriýa kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Ýewropa kärhanalary üçin Özbegistanda ýörite senagat zolagynyň döredilmegi barada maslahatlaşyldy. Iýul aýynda Budapeştde geçirilmeli Hökümetara bilelikdäki ykdysady toparyň mejlisinde maýa goýum maksatnamasynyň taýýarlanylmagy we tassyklanylmagy boýunça ylalaşyk gazanyldy. Liderler Özbegistan-Wengriýa işewürler geňeşiniň işini dikeltmek we ýakyn wagtda işewür wekilleriň gatnaşmagynda giňeldilen duşuşygy geçirmek barada ylalaşdylar.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen geçirilen duşuşykda Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban, öz ýurdunyň TDG-de synçy döwlet hökmünde bu çäräniň geçirilmeginiň, Wengriýanyň gurama bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belläp geçdi. Azerbaýjanyñ Prezidentiniň resmi saýtynda berlen maglumata görä, söhbetdeşlikde energetika, maýa goýum, derman senagaty, azyk senagaty we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösýändigi bilen kanagatlanma bildirildi. Azerbaýjan bilen Wengriýanyň halkara derejesinde öz milli bähbitlerine esaslanýan garaşsyz syýasaty alyp barýan döwletlerdigi barada aýratyn bellenildi.
ORIENT