Iň täze habarlar

Russiýa we Türkmenistan awtomobil ýük daşamalarynyñ ösdürilmegi we olaryñ möçberiniñ ýokarlandyrylmagy barada maslahatlaşdylar

30.05.2025 | 14:05 |
 Russiýa we Türkmenistan awtomobil ýük daşamalarynyñ ösdürilmegi we olaryñ möçberiniñ ýokarlandyrylmagy barada maslahatlaşdylar

Russiýa Federasiýasynyñ ulag ministri Roman Starowoýt we Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiñ başlygy M.Çakyýew göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahaty geçirip, onda halkara ulag hyzmatdaşlygyny giñeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada RF-iñ Ulag ministrliginiñ metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyñ esasy temasy awtomobil ýük daşamalarynyñ ösdürilmegi hem-de rus kompaniýalarynyñ gatnaşmagynda olaryñ möçberiniñ ýokarlandyrylmagy boldy. Iki tarap hem sebitiñ ýurtlary üçin strategiki taýdan möhüm ugur bolan "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniñ infrastrukturasynyñ döwrebaplaşdyrylmagyna we ylalaşylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikleriñ dowamynda "Demirgazyk-Günorta" HUG-i üçin bitewi demir ýol operatoryny döretmek başlangyjyna aýratyn üns berildi. Rus tarapynyñ aýtmagyna görä, taslama eýýäm Gazagystan we Russiýa tarapyndan goldanyldy. Russiýa Türkmenistany bu başlangyja goşulyşmaga çagyrdy. Bu bolsa ulag geçelgesiniñ çäklerinde logistika işleriniñ integrasiýasynynyñ we optimizasiýasynyñ çuñlaşdyrylmagyna ýardam edip biler.

Taraplar sebitleýin ulag ugurlarynyñ netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ylalaşykly hereketleriñ wajyplygy barada nygtap, dialogy bilermenler derejesinde dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: