Aşgabat we Pekin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
26.05.2025 | 19:45 |26-njy maýda, duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-da, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde birek-birege bolan köpýyllyk goldaw barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, dostlukly we konstruktiw dialogyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmeginiň esasy şertidigi barada nygtaldy. Türkmenistan bilen Hytaýyň ýolbaşçylarynyň we liderleriniň yzygiderli duşuşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.
Öz tarapyndan HHR-niň Daşary işler ministrligi hem geçirilen söhbetdeşlik barada maglumatlary çap etdi. Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň habaryna görä, Wan I Hytaýyň dürli ugurlarda, şol sanda tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge we ykdysady diwersifikasiýa we döwrebaplaşdyryş işlerini öz içine alýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň has köp nusgalaryny döretmäge taýýardygyny mälim etdi.
Wan I, şeýle hem, Türkmenistanyň halkara we sebit meselelerinde tutýan ornuny belledi we Aşgabat tarapyndan öňe sürlen halkara başlangyçlary goldaýandygyny we şu ýylyň iýun aýynda Astana şäherinde geçiriljek ikinji Hytaý-Merkezi Aziýa sammitinde oňyn netijelere ýetmek boýunça bilelikde işlemek üçin gatnaşyklary we utgaşdyrmagy pugtalandyrmak maksadynyň bardygyny mälim etdi.
Raşid Meredow, Türkmenistanyň Hytaýa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny we HHR bilen dostluga ygrarlydygyny belledi. Taraplar iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gazanylan möhüm ylalaşygy bilelikde durmuşa geçirmäge, ýokary derejeli gatnaşyklary berkitmäge, ykdysadyýet, söwda we maýa goýum ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we tebigy gaz söwdasynyň öňdebaryjy taslamasyny öňe sürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
ORIENT