Iň täze habarlar

Al sharq: Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty we Kataryň Diplomatiya instituty işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar

30.05.2025 | 18:31 |
 Al sharq: Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary instituty we Kataryň Diplomatiya instituty işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar

29-njy maýda "Al sharq" gazetinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kataryň Diplomatiya institutynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk we alnyp barylýan çäreler barada makala neşir edildi.

Makalada iki dostlukly ýurduň ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň işjeň häsiýetli özara gatnaşyklary giňişleýin beýan edilýär:

-2025-nji "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýylyna bagyşlanyp geçirilýän ylmy-amaly maslahatlaryň, halkara forumlaryň, sergileriň we medeni çäreleriň Türkmenistanda yzygiderli geçirilýändigini bellemek bolar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiya institutynyň arasynda "Dialog durnukly parahatçylygyň kepili hökmünde" atly sanly ulgam arkaly tegelek stol maslahaty geçirildi. Maslahata Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiya institutynyň direktory Abdulaziz bin Mohammed Al-Horr we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginin Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Yusupowa ýolbaşçylyk etdiler.

1

Ýaňy ýakynda bolsa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda "Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşin hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu halkara maslahata Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed Al- Horryň gatnaşmagyny aýratyn bellemek bolar.

Bu saparyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, esasanam ylym we bilim ugurlaryndaky işleriň dowamly ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, bu saparyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda "Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" atly halkara ylmy-amaly maslahatynda Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň müdiri Muhammet Al-Horr çykyş etdi. Kataryň wekili öz çykyşynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we durnukly parahatçylyk gurşawyny döretmekde gepleşikleriň ornuna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleyasy tarapyndan “2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilip kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyndaky abraýynyň has-da uly ähmiýeti eye bolandygyny nygtady.

2

Elbetde, saparyň çäginde Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiya institutynyň direktory Abdulaziz Al Horr Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Yusupowa bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Şeýle hem, taraplaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiya institutynyň arasynda 2017-nji ýylda gol çekilen Ähtnamany durmuşa geçirmek boýunça bu iki ýokary okuw jaýynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar döwri üçin Yol kartasyna gol çekilmegini aýratyn nygtamak gerek. Bu alnyp barylýan çäreler iki dostlukly yurtlaryň arasynda sanly diplomatiýany berkitmekde we onun çäklerinde hyzmatdaşlyk duşuşyklarynyň guralmagy hem-de halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşmegi üçin möhüm ädimdir.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: