Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar

30.05.2025 | 06:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýuny aralygynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar.

Bu sapar, 1992-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyrjak ilkinji döwlet sapary bolar. Bu Mongoliýanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Türkmenistana bolan döwlet saparyna jogap sapary bolar.

Saparyň dowamynda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda resmi gepleşikler meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanlarynyň dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alyşmagyna şeýle hem sebitleýin we halkara syýasatyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar diýip, Mongoliýanyň Baştutanynyň web sahypasynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýdy.

ORIENT

Foto: montsame.mn

Şeýle hem okaň: