Iň täze habarlar

ÝHHG-niň sebit iş topary: Merkezi Aziýa üçin “ýaşyl” energetika boýunça hünärmenler

24.05.2025 | 20:38 |
 ÝHHG-niň sebit iş topary: Merkezi Aziýa üçin “ýaşyl” energetika boýunça hünärmenler

Türkmenistan ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, aýratyn-da energetiki geçiş, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we degişli bilim infrastrukturasy meselelerine ünsi jemleýär. Bu meseleler 22-23-nji maýda geçirilen ugrukdyryjy duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda sebitdäki okuw mekdepleriniñ diňe birnäçesi gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri (GDEÇ) boýunça maksatnamalary hödürleýär. Zerurlyklaryň seljermesi hünärmenleriň ýetmezçiliginiň artýandygyny görkezýär, bu ýagdaý bolsa GDEÇ-leriň ösüşine we ykdysady ösüşe päsgel berýär. “Ýaşyl” energetika geçişini çaltlandyrmak üçin energiýa pudagyna aýal-gyzlary çekmek hem möhümdir.

Merkezi Aziýa ýurtlaryna GDEÇ üçin hünärmenleri taýýarlamakda goldaw bermek maksady bilen ÝHHG RECCA bilen bilelikde inklýuziw energetiki geçiş boýunça bilim meselelerine bagyşlanan sebitleýin iş toparyny (RTEET) döredýär. Türkmenistandan bu topara gatnaşýanlar: Allamyrat Hojaýew (Bilim ministrligi), Agamyrat Owulýagulyýew (GDEÇ boýunça ylmy-tehniki merkez) we Serdar Mämmedniýazow (“Tebigy Kuwwat”). RTEET Merkezi Aziýanyň bilim edaralarynyň, ministrlikleriniň we energetika kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy üçin sebitleýin platforma bolar. Onuň maksady — tehniki ýokary okuw mekdeplerinde GDEÇ boýunça bilim maksatnamalary güýçlendirmek we sebitdäki energetiki geçiş üçin inklýuziw hem-de geljegi uly zähmet güýjüni döretmek.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: