Astrahanda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
30.05.2025 | 10:40 |2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem maslahatlaşmalar guraldy.
Bu maslahata Türkmenistanyň Konsuly Gadam Ilamanow şeýle hem, Hazar sebitiniň beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň wekileri we sebitiň hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da, Astrahan oblastynyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ilýa Wolinskiý we Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ilýa Toropitsyn gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda durnukly logistika infrastrukturasynyň emele gelmeginiň esasy baglanyşygy hökmünde çykyş edýän suw ulagynyň ornynyň ähmiýeti baradaky meselelere garaldy. Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler we gazanylan üstünlikler barada gatnaşyjylara giňişleýin maglumatlary berdi.
Bu çäre halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ädimleriň biri boldy we Ýewraziýa giňişliginde täsirli, durnukly we özara bähbitli ulag ulgamynyň döredilmegine ýurtlaryň umumylykda ymtylýandyklaryny açyp görkezdi.
ORIENT