Merkezi Aziýanyň bilermenleri sebit ösüşiniň 2050-nji ýyla çenli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar
28.05.2025 | 15:40 |Daşkentde "Merkezi Aziýa–2050" ilkinji sebitleýin forsaýt-seminary geçirildi. Bu çäräniň çäklerinde sebitiň bäş ýurdunyň wekilleri uzak möhletli ösüş strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns howanyñ üýtgemelerine, demografik meselelerine we durnukly ösüşe gönükdirildi. Bilermenler tarapyndan taýýarlanan ösüş meýilnamalarynyñ döwlet ýolbaşçylary derejesinde hödürlenmegi mümkin.
Çäre 27–28-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen geçirildi. Duşuşygyň maksady diňe pikir alyşmak bilen çäklenmän, eýsem sebitiň geljegi üçin anyk teklipleri işläp taýýarlamakdy. Maslahatlaşmalaryñ merkezinde — suw serişdelerini durnukly dolandyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek meseleleri boldy.
Şeýle hem, şäherleşme we ilatyñ artmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2050-nji ýyla çenli sebitiň ilaty 120 — 150 million adama çenli ýetip biler, olaryň köpüsi şäherlerde ýaşar. Bu bolsa infrastruktura, saglygy goraýyş, bilim we ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny talap eder.
Strategik we sebitara barlaglar institutynyň direktorynyň birinji orunbasary Akramjon Nematow dünýäde dowam edýän durnuksyzlyk şertlerinde konstruktiw gün tertibini we sebitara dialogy ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. Ol sebitiň ýurtlarynyň bilelikde kynçylyklary ýeňip geçmegi üçin anyk strategiýanyň we taslamalaryň zerurdygyny nygtady.
Merkezi Aziýa halkara institutynyň direktorynyň orunbasary Şerzod Faýziýew bolsa, 2023-nji ýylyň awgustynda kabul edilen sebit hyzmatdaşlygynyň ösüş konsepsiýasy barada ýatlatdy. Ol konsepsiýada söwda, energetika, sanlylaşdyrma we medeni hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Forsaýt-seminar Merkezi Aziýada bilermen hyzmatdaşlygyny we strategiki meýilnamalary çuňlaşdyrmak üçin täze meýdança boldy. Garaşylýan konsultatiw duşuşygy babatda synçylar seminar wagtynda suw serişdeleri, howa, energetika, ulag, söwda we durmuş ösüşi ýaly esasy temalara aýratyn üns berilmelidigini belleýärler.
Ýewropa Bileleşiginiň Özbegistandaky ilçisi Toýwo Klaar bu ugurlaryň iň möhüm ugurlardygyny we olaryň has-da täzelenmegi, maýa goýumlaryny we hökümetara dialogy talap edýändigini aýtdy.
«ÝB-de biz köplenç “Bilelikde — has güýçli” diýýäris. Bu agza döwletleriň hyzmatdaşlygyny aňladýar. Bu ýörelgäniň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna-da degişlidigine berk ynanýarys» — diýip, ol nygtady.
Forsaýt amalda
Forsaýt — strategiki çaklama usulydyr. Ol häzirki tendensiýalaryň we bilermen pikirleriniň esasynda geljegiň meýilnamalaryny düzmäge we mümkin bolan töwekgelçilikleri göz öňünde tutmaga kömek edýär diýip, forsaýt boýunça bilermen we seminaryñ moderatory Aida Karažanowa aýtdy.
Seminaryň üstünlikli geçirilmegi üçin uly taýýarlyk işleri alnyp baryldy diýip, ACP-niň Netijeleri dolandyrmak toparynyň utgaşdyryjysy Aziza Umarowa aýtdy. Hünärmenler belli futurolog Sohail Inayatulla tarapyndan işlenip taýýarlanan forsaýt usulyýetini, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Suw-energetika maksatnamasynyň (CAWEP), BMG-niň Ilat gaznasynyň sebitleýin edarasynyñ we Ýewropanyñ Täzeleniş we ösüş bankynyň goldaw bermeginde taýýarlanan resminamalary we çaklamalary ulandylar.