Päkistanyň Senatynyň Başlygy Türkmenistanda duşuşyklary geçirer
28.05.2025 | 19:45 |Päkistanyň Senatynyň (Parlamentiniň ýokarky palatasy) Başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani resmi sapar bilen Türkmenistana ugrady.
Ol Türkmenistan Mejlisiniň Başlygynyň çakylygy boýunça Türkmenistanda saparda bolýar diýip, Päkistanyň teleýaýlymlar korporasiýasy habar berdi.
Saparyň maksady Päkistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Saparyň dowamynda parlament wekiliýetleriniň alyş-çalşygyny güýçlendirmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Saparynyň dowamynda Ýusuf Reza Gilani ýokary derejeli duşuşyklary geçirer diýip, habarda bellenilýär.
ORIENT