Iň täze habarlar

2025-nji ýylyň I çärýeginde Gyrgyzystan Türkmenistandan pomidor importyny 27% ýokarlandyrdy

21.05.2025 | 23:11 |
 2025-nji ýylyň I çärýeginde Gyrgyzystan Türkmenistandan pomidor importyny 27% ýokarlandyrdy

2025-nji ýylyň ýanwar–mart aýlarynda Gyrgyzystan Türkmenistandan getirilýän pomidoryň möçberini 27% ýokarlandyrdy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Milli statistika komitetiniň beren maglumatlarynda aýdylýar.

Edaranyň habaryna görä, I çärýekde Gyrgyzystan Türkmenistandan 5 müň tonna pomidor import edip, bu $4,4 milliona deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 27% ýokarydyr: şol döwürde umumy bahasy $2,8 milliona barabar bolan 3,9 müň tonna pomidor  getirildi diýip, Tazabek habar berýär.

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: