BAE-niň awiakompaniýalary Remezan aýynda ýörite tagamlary hödürleýärler
10.03.2025 | 09:07 |Birleşen Arap Emirlikleriň Emirates we Etihad Airways awikompaniýalary mukaddes Remezan aýynda ýolagçylary üçin ýörite naharlary we hyzmatlary hödürleýärler.
Agyz bekleýän adamlara goldaw bermek maksady bilen, Emirates ähli hyzmat ediş synplarynda agzyaçar üçin toplumlaýyn naharlar görnüşli ýörite gutujyklaryny hödürleýär. Inçelik bilen taýýarlanan dizaýnli goşmaça gutular uçar gonanda hem çykyş ýerinde paýlanylýar.
Mukaddes Remezan aýynyň dowamynda Dubaýyň halkara howa menziliniň garaşylýan zalynda awiadaşaýjy dürli görnüşli adaty naharlary, arap süýjüliklerini, hurmalary we kofe hödürleýär.
Agyz bekleýän ýolagçylar üçin takyklygyň iň ýokary derejesini üpjün etmek üçin Emirates awiakompaniýasy uçar wagty agyz beklemek we agzyaçar wagtyny dogry hasaplamak üçin özboluşly guraly ulanýar. Gün ýaşandan soňra, uçar gämisiniň serkerdesi resmi ýagdaýda ýolagçylara agzyaçar wagty barada habar berer.
Etihad Airways awiakompaniýasy öz gatnawalarynda hem gowy görülýän tagamlary bilen paýlaşýar.
“Myhmanlara oýlanyşykly tejribämizi hödürlemek – biziň üçin uly mertebedir. Remezan aýynda kärhanamyz tarapyndan yhlas bilen saýlanan tagamlar görnüşlerimiz ýolagçylaryň rahatlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir” – diýip, Etihad Airways awiakompaniýasynyň Iýmit önümleri we myhmansöýerlik boýunça direktory Turki Al Hammadi belleýär.
ORIENT