Pekinde Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligi tanyşdyryldy
08.03.2025 | 02:05 |«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistana maýa goýumlary ilerletmek boýunça konferensiýa» atly işewürlik forumy 6-njy martda Pekinde geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasy we Hytaýyň Daşary ýurt kärhanalarynyň ösüş birleşigi bilen bilelikde gurnaldy.
Forumyň maksady, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerini Birleşigiň agzasy bolan 40 hytaý kompaniýalaryna açyp görkezmekdi. Duşuşykda Türkmenistanyň ilçisi Parahat Durdyýew, Birleşigiň prezidenti He Çženweý we ilçihananyň söwda wekili Ş. Batyrow çykyş etdiler.
Öz çykyşynda He Çženweý Türkmenistanyň we Hytaýyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhyny ýatlap, ykdysady hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlaryna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan-Hytaý energetika köprüsiniň uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Ilçi Durdyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň syýasy ugurlaryna we ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady maksatnamalara ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol hytaý işewürlerini Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Ilçihananyň söwda wekili öz tanyşdyrylyş dabarasynda hytaý maýadarlary üçin gyzykly maýa goýum ugurlaryny belläp geçdi. Olaryň hatarynda nebit-gaz himiýasy, oba hojalyk we senagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ýaly pudaklar görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda şu ýyl Aşgabatda ýöriteleşdirilen türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT