Köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly at dakykdy
08.03.2025 | 18:45 |7-nji martda Aşgabat şäherinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi.
Olaryň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.
Dabaranyň başynda gatnaşyjylar bu ýerde gurnalan suratlar, amaly-haşam sungat eserleri, şeýle hem bezeg serişdeleri hödürlenýän sergi bilen tanyşdylar
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Prezidentiň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada ildeşlerimiziň ýüzlerçesi mynasyp boldy. Bu at eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Döwletimiz köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berýär.
ORIENT