Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert geçirildi
08.03.2025 | 19:25 |7-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertine eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen gyz-gelinler we zenanlar ýygnandylar.
Halkara zenanlar güni – sungatyň üsti bilen zenanlara buýsanjy we hormaty beýan etmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Maşgala ojagynyň goragçysy keşbi, sungat ussatlaryny hem ruhlandyryp, olar gözellik nusgasy bolan zenanlara bagyşlap çykyş etdiler.
Konsertiň ajaýyp uwertýurasy bolup, meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň hem-de horeografiýa we hor toparlarynyň bilelikdäki ansambly tarapyndan ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýa – «Enä tagzym- mukaddeslige tagzym» çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» eseriniň esasynda döredilen sahna görnüşli çykyş bolsa, enelere bagyşlanyldy. Artistleriň çykyşlary, eziz Diýarymyzyň garaşsyzlygynyň, onuň parahatçylygynyň we abadançylygynyň, nurana geljegiň hem-de zenanlaryň bagtyýar keşbinin waspyny ýetirdi.
Konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, saz ansambllarynyň hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda eziz gyz-gelinlere, enelere we uýalara bolan mähirli gutlaglar beýan edildi.
Sahnada ýaňlanan aýdymlarda zenanyň täsin sypatlary – mähir-muhabbeti, sadalygy, ruhubelentligi, paýhaslylygy, gözelligi we wepalylygy, enäniň söýgüsi wasp edildi.
Tomaşaçylaryň ruhuny göteren pursatlaryň biri hem, Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Ýadymda» aýdymy boldy. Sungatyň ajaýyp nusgasyna öwrülen bu aýdym ýagty arzuwlara, çyn söýgä we geljege bolan umyda bagyşlandy. Folklor topary «Serpaý» bilen tans topary «Näzli», bu sahna çykyşynyň özboluşly täsirli öwüşginini has-da artdyrdy.
Şowhunly el çarpyşmalary bilen garşy alynan çykyşlarynyň biri hem halk tansy – küştdepdi boldy. «Miras» folklor topary tarapyndan ýerine ýetirilen bu tans, milli sungatyň aýratyn nusgasy bolup, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni däpler bilen ruhy tejribeleriň utgaşygyny şöhlelendirdi.
Konsertiň jemleýji pursady bolsa, dabaranyň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetiren «Bagtyýar diýaryň mähribanlary» aýdymy boldy.
ORIENT