Aşgabatda täze "Kitap" bilim merkezi açyldy
09.03.2025 | 19:25 |Şu gün, 9-njy martda Aşgabat şäherinde täze "Kitap" bilim merkezi açyldy. Täze merkez okatmagyñ häzirki zaman usullaryny, okuwlaryñ giñ görnüşlerini hem-de her bir okuwça şahsy çemeleşmäni hödürleýär.
"Kitap" bilim merkezi okuwçylaryñ hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilip, döwrebap okuw maksatnamalaryny we tehnologiýalaryny, dersleriñ kiçi toparlarda amatly tertibini hödürleýär. Merkezde tejribeli we ýokary hünär taýýarlykly mugallymlar işläp, olar her bir okuwça öz ukyp-başarnyklaryny açmaga ýardam bermäge taýýar.
Bilim edarasy özüniñ adaty däl okuw usullary bilen tapawutlanýar. Merkez ähli ýaşdaky bilim alýanlara gyzykly we netijeli okuw prosesini bermek üçin döredilendir. Öñdebaryjy tehnologiýalaryñ, tejribeli mugallymlaryñ we şahsy okuw meýilnamalaryñ sazlaşygynyñ netijesinde bu ýerde her bir okuwçy täze bilimleri üstünlikli özleşdirmek üçin zerur bolan goldawy we serişdeleri alýar.
Merkeziñ esasy aýratynlyklaryñ biri e-boards elektron tagtalar bilen enjamlaşdyrylan interaktiw okuw otaglarydyr. Olar ep-esli derejede okuw prosesini gowulandyrýarlar. Mundan başga-da, "Kitap" bilim merkeziniñ ýokary öndürijilikli kompýuterli döwrebap okuw otaglary hem bar. Bu kompýuterler sanly tehnologiýalary we programmirlemäni öwrenmek üçin niýetlenendir.
Bilim, bu hemmeler üçin meñzeş köptaraply proses däl. "Kitap" bilim merkezinde şahsy okatmak işine aýratyn üns berýärler.
Her bir okuwçy deslapky synagdan geçip, onuñ netijeleri mugallymlara okatmak usulyýetini okuwçynyñ şahsy aýratynlyklaryna we bilim almak usulyna görä uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle çemeleşme materiala has cuñ düşünmäge we bilimleri uzakwagtlaýyn özleşdirmäge ýardam berip, okuwçylara ýokary netijeleri gazanmaga kömek edýär.
"Kitap" okuw merkezi dürli ýaş we bilim maksatly toparlar üçin giñ görnüşli okuwlary hödürleýär. Okuw maksatnamalar 6-12 ýaş aralygyndaky çagalar bilen deñ derejede, ýetginjekler we ulular (12+) üçin işläp taýýarlanyp, her ösüş tapgyrda gyzykly we netijeli bilim almak prosesini üpjün edýär.
Çagalar, ýetginjekler we ulular üçin okuwlar:
Okuw merkezi 6 ýaşdan başlap çagalar, şeýle hem ýetginjekler we ulular üçin okuwlary hödürleýär. Maksatnamalaryñ arasynda:
Dil dersleri: iñlis, rus, nemes, fransuz we hytaý
Kompýuter okuwlary Microsoft Office, Adobe Photoshop, AutoCAD, 3Ds MAX öwrenmegi, C++, Python, Node.js we beýleki ugurlar boýunça programmirlemäni öz içine alýar.
Ykdysadyýet, maliýe we telekeçilik boýunça okuwlar. Onda telekeçiligiñ, marketingiñ, buhgalteriýa hasabatynyñ we maliýe meýilleşdirmäniñ esaslaryny öwrenip bolýar.
Dürli görnüşli döredijilik okuwlary: şekillendiriş sungaty, SMM-menejment, jaýyñ içki we daşky dizaýni.
Şeýle-de "Kitap" bilim merkezi çagalar üçin iñlis we rus dilleri, matematika, mental arifmetika we robototehnika boýunça okuwlary hem hödürleýär. Täze bilim merkezi, ähli ýaşdakylar üçin okuwyñ diñe bir gyzykly däl-de, eýsem netijeli boljak ýerine öwrüler.
Ähli goşmaça soraglar bilen (+99364)14-80-83, (+99364)14-62-67 telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiñiz.
**Salgy: Aşgabat ş., Seýitnazar Seýdi köç., j.64 (15-nji tapgyr, "Diýar" SDAM, 2-nji gat).
Instagram: @kitap_bilim_merkezi**