2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyñ arasyndaky söwda dolanyşygy 81mln ABŞ dollardan gowrak boldy
07.03.2025 | 17:30 |Gruziýanyñ Milli statistika gullugynyñ (Gruzstat) maglumatyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Gruziýanyñ arasyndaky daşarky söwdanyñ möçberi 81,03 mln ABŞ dollaryna ýetdi. 2023-nji ýyl bilen deñeşdirilende, bir ýylyñ dowamynda gruzin önümleriñ Türkmenistana eksporty 158% ýokarlanyp, 22,939 mln ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada "Business Грузия" habar berýär.
2023-nji ýylda bu görkeziji 8,888 mln dollar derejesindedi. 2024-nji ýylda Gruziýa türkmen önümleriñ importy 58,090 mln ABŞ dollary düzdi. Türkmenistandan Gruziýa import edilen esasy harytlar:
nebit we nebit önümleri - 45,458 mln dollar;
nebit koksy we bitum - 4,834 mln dollar;
gipsiñ esasynda gurluşyk garyndylary - 1,697 mln dollar;
azot dökünleri - 1,055 dollar;
yük awto ulaglary - 831 müñ dollar.
Türkmenistana eksport edilýän esasy gruzin harytlaryñ arasynda:
et we guş önümleri - 11,382 mln dollar;
ortopedik önümler we emeli beden bölekleri - 2,633 mln dollar;
gaplanan derman serişdeleri - 1,831 mln dollar;
ýeñil awto ulaglar - 1,096 mln dollar;
etil spirti we alkogol içgileri - 927,2 müñ dollar.
2025-nji ýylyñ ýanwarynda Gruziýadan Türkmenistana eksport möçberi 290,1 müñ dollara, türkmen harytlaryñ importy bolsa - 1,441 mln dollara ýetendigini bellemeli.
ORIENT news