Aşgabatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça forum geçiriler
08.03.2025 | 03:35 |Türkmenistanyň paýtagtynda 19-njy martda durnukly ösüşi üpjün etmek we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrýan ýokary derejeli halkara maslahat geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyna daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, iri halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalarynyň we öňdebaryjy maliýe guramalarynyň wekilleriniň we Türkmenistanda akkreditlenen ilçileriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň maksatnamasy, bäş sany tematiki sessiýada ara alnyp maslahatlaşyljak häzirki mowzuklaryň giň toplumyny öz içine alýar:
“Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti” atly sessiýa sebitleýin ösüşdäki esasy taslamalaryň strategiki ähmiýetine bagyşlanýar.
“Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri” atly sessiýada ähmiýetli TOPH gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň ykdysady, guramaçylyk we hukuk taraplaryna üns berler.
“Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti” atly sessiýada sebit integrasiýasynda energetika infrastrukturasynyň ornuna üns çekiler.
“Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary” atly sessiýada ulag geçelgelerini ösdürmek we sebitleriň arasynda ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşylar.
“Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary” atly sessiýada maliýe goldawy we sebitleýin ykdysady taslamalara maýa goýumlaryny çekmek mehanizmlerine garalar.
Maslahata gatnaşyjylar üçin göni gepleşik we işewür gatnaşyklar gurmak üçin meýdança dörediler: maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Wise-premýeriň hasabatyny dipläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Aşgabatda geçiriljek halkara maslahaty sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de sebitde we ondan daşarda durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm goşant goşmak üçin täsirli gural bolmak üçin niýetlenendir.
ORIENT