Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýada aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça sebitleýin seminaryna gatnaşdy
06.03.2025 | 12:10 |Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň wekilleri hem 2025-nji ýylyň 4-6-njy mart aralygynda Buharada geçirilen “Aýallar Merkezi Aziýanyň serhetýaka sebitleriniň ösüşi üçin” atly sebitleýin seminara gatnaşdy.
Seminar sebitiň döwlet edaralarynda aýallaryň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek maskatnamasynyň (BOMCA-10) çäklerinde geçirildi.
Gatnaşyjylar hünär we şahsyýetara ukyp-başarnyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen sessiýalara işjeň ýagdaýda gatnaşdylar. Çäre serhetýaka ugurlarda işleýän aýallaryň arasynda iň gowy tejribeleri alyşmak we aragatnaşyklary ýola goýmak üçin hem möhüm meýdança boldy.
ORIENT news