“Talyp gözeli– 2025” gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
08.03.2025 | 18:40 |5-nji martda Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda ýokary okuw mekdepleriň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen “Talyp gözeli– 2025” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bu bäsleşikde talyp gyzlar birnäçe tapgyrlarda bäsleşip, iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, milli däp-dessurlary bilişlerini görkezdiler.
Eminleriň gelen netijesine laýyklykda, baş baýraga Magtymguly adyndaky TDU-nyň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýlar Çaryýewa mynasyp boldy. 1-nji orna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ogulhajar Gulowa, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Güljahan Hojaýewa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Kümüş Annabaýewa, 3-nji orna degişlilikde Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Gülşirin Mamanowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Sahydursun Mätiýewa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Akmaral Ýagmurowa dagy mynasyp boldy.
Şeýle-de jemleýji tapgyrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ýegenmämmedowa Azatgül Merdanowna çykyş edip, tapawutlanan diploma we “Çeper elli gözel” diýen Hormat hata mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda bayrakly orunlara eýe bolan hem-de oňa işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
ORIENT