TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “SN-180” kysymly esas ýagy, suwuklandyrylan gaz, jins matasy we buýan köküniň goýaldylan ekstrakty satyn alydny
06.03.2025 | 09:40 |5-nji martda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “SN-180” kysymly esas ýagyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni bilen “B” kysymly karbamidi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gyrgyzystanyň telekeçileri türkmen işewürlerinden jins matasyny satyn aldylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 4 200 000 manada we 5 773 800 ABŞ dollaryna barabar bolan 8 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news