Iň täze habarlar

BELTA: Belstat 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy ulanar

10.03.2025 | 12:30 |
 BELTA: Belstat 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy ulanar

Belarus Respublikasynyň Milli statistika baradaky komiteti (Belstat) 2030-njy ýylda geçiriljek ilat ýazuwynda emeli aňy ulanmak meýilleri barada habar berdi.

Belstatyň başlygynyň orunbasary Timofeý Žigarew Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Statistika baradaky toparynyň 56-njy sessiýasynda bu barada habar berdi diýip, BELTA belleýär. Emeli aňy ornaşdyrmagyň esasy maksady bolsa, administratiw maglumatlary ulanmagyň ep-esli dereje giňeldilmegindedir. Bu bolsa, respondentlere düşýän ýüki azaltmaga mümkinçilik berer. Bu giriziljek täzeçillik ilatyň statistiki görkezijisiniň döredilmegini hem göz öňünde tutýar. Munuň özi maglumatlary ýygnamak we işlemek prosesini aňsatlaşdyrar. Zerur bolan maglumat serişdelerine elýeterlilik mümkinçiligiň hukuk binýady eýýäm düzüldi, bu bolsa, dürli üpjün edijilerden gelýän maglumatlary netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.

Ilat ýazuwynda emeli aňyň ulanylmagy ýurtda statistika işiniň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm ädim bolup, has takyk we döwrebap maglumatlar bilen üpjün eder. Mundan başga-da, sessiýada milli hasaplamalar ulgamyny täzelemek boýunça meýiller goldanyldy. Munuň özi Belarus Republikasynyň halkara statistika standartlaryna goşulyşmaga bolan islegini açyp görkezýär.

ORIENT

Foto: sputnik.by

Şeýle hem okaň: