Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow we Yragyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

06.03.2025 | 02:05 |
 Serdar Berdimuhamedow we Yragyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

5-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda birek-biregi, iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we bu mübärek aýda ediljek doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, ynanyşmaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide mähirli salamyny beýan etdi.

Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani öz gezeginde Yrakda häzirki wagtda dürli ugurlarda depginli ösdürilýän Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini tassyklady.Türkmenistan bilen Yragyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýerýän daşary syýasy ugruny hem-de BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň meýdançasynda öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Yrak Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna yzygiderli eýerýändigine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny Eýran Yslam Respublikasynyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek boýunça ylalaşygyň gazanylandygy aýdyldy.

Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani yrak tarapynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, Yrakda bu meýilnamalary durmuşa üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini bu wekilçilikli maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, bu çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormat boljakdygyny aýtdy Şeýle-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi diýip, TDH habar berýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: