Iň täze habarlar

Ýaş alymlaryň Halkara ylmy maslahatynyň iki bölümçesi türkmen Ýokary lingwistik mekdebinde geçiriler

08.03.2025 | 19:00 |
 Ýaş alymlaryň Halkara ylmy maslahatynyň iki bölümçesi türkmen Ýokary lingwistik mekdebinde geçiriler

2025-nji ýylyň 11-25 aprelinde M.W.Lomonosow adyndaky MDU-da «Lomonosow-2025» atly Halkara ýaşlar ylmy forumynyň çäklerinde «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahaty geçiriler. Ylmy forumyň işi M.W.Lomonosow adyndaky MDU-nyň diňe bir Russiýadaky şahamçalarynda däl, eýsem Türkmenistanda, Gazagystanda, Täjigistanda, Ermenistanda, Özbegistanda, Azerbeýjanda we Hytaýda hem giňden ýaýbaňlandyrylar.

Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda onuň «Pedagogika bilimi we häzirki zaman bilim tehnologiýalary» we «Terjimäniň nazaryýeti, taryhy we usulyýeti» atly bölümçeleri geçiriler.

Ýaş alymlar, aspirantlar, magistrantlar we talyplar forumyň halkara meýdançasyna hasaba durup, 2025-nji ýylyň 14-nji martyna çenli «Lomonosow» ylym-bilim portalynyň degişli bölümi arkaly öz çykyşlarynyň gysgaça beýanlaryny ugradyp bilerler. Maslahatyň iş dilleri "rus" we "iňlis" dilleridir.

Ylym-bilim ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň «Lomonosow» atly talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň XXXII Halkara ylmy maslahatynyň iki bölümçesiniň türkmen Ýokary lingwistik mekdebinde geçirilmegi hem munuň subutnamasydyr.

Maslahatyň dowamynda institutyň geljekki dilçileri we ýaş hünärmenleri agzalan bölümçeleriň çäklerinde lingwal pedagogikanyň we terjimeçiligiň derwaýys meseleleri boýunça ylmy çykyşlary ederler. Ylmy işleriň awtorlary bolsa, ylmy maslahatda çykyş ederler, olaryň ylmy barlaglarynyň gysgaça beýanlary halkara derejesinde indekslenýän elektron ýygynda giriziler. Bulardan başga-da, iň oňat işleriň awtorlary diplomlar we degişli Hormat hatlary bilen sylaglanar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.

ORIENT

Foto: msu.am

Şeýle hem okaň: