Iň täze habarlar

Gazagystanda hazar düwlenleri üçin tebigy goraghana dörediler

07.03.2025 | 10:32 |
 Gazagystanda hazar düwlenleri üçin tebigy goraghana dörediler

Gazagystanda hazar düwlenleri üçin tebigy goraghanany döretmegi meýilleşdirýärler. Munuň özi bu seýrek görnüşiň gorap saklanylmagy üçin möhüm ädim bolar.

Prezidentiň Geňeşçisi – Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Zulfiýa Süleýmanowa, Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) – Gazagystan suw serişdelerini durnukly dolandyrmak we suwaryş boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň konseptual çemeleşmelerini we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan Astanadaky tegelek stoluň çäklerinde çykyş etmek bilen, bu barada habar berdi.

Goraghanalar Hazar deňziniň akwatoriýasynda ýerleşip, Mangistau we Atyrau sebitlerini öz içine alar.

Taslamanyň çäklerinde ylmy-barlag instituty döredilip, ol Hazar deňziniň ekoulgamynyň öwrenilmegi hem-de düwlenleri goramak boýunça çäreleriň işläp taýýarlanylmagy bilen meşgullanar.

Goraghananyň diňe bir hazar düwlenleriň populýasiýasyny gorap saklamaga ýardam etmän, eýsem sebitiň ekoulgamynyň möhüm bölegi bolup, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň beýleki görnüşlerini dikeltmäge hem ýardam berjekdigine garaşylýar.

ORIENT news

Foto: inform.kz

Şeýle hem okaň: