Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
07.03.2025 | 22:50 |7-nji martda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, hususan-da Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň häzirki wagtda Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigini nygtadylar.
Ministrler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň ösdürililýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar işjeň dialogyň hem-de edara ýolbaşçylary we bölüm müdirleri derejesinde geçirilýän yzygiderli geňeşmeleriň üsti bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň tarapdarydygyny beýan etdiler.
DIM-iň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Maksatnama gol çekdiler.
Mundan başga-da degişli edaralaryň ýolabaşçylary derejesinde gümrük meselelerinde hyzmatdaşlyk we özara administratiw ýardam hakynda we ösümlikleri goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hökümetara ylalaşyga, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Gruziýanyň Sport ministrliginiň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
ORIENT