Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Premýer-ministri bilen gepleşikleri geçirdi
08.03.2025 | 05:05 |7-nji martda, anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen gepleşikleri geçirdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen-gruzin gatnaşyklaryny däp bolan dostlukly we netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy. Ulag we logistika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan “Hazar deňzi — Gara deňiz”, “Lapis Lazuli”, “Ýaşyl” port ýaly taslamalary durmuşa geçirmäge we ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda medeniýet we sungat, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de tejribe alyşmak, bilelikdäki çäreleri, sergileridir maslahatlary geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Şeýle-de döwlet Baştutany parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary durmuşa geçirmekde Gruziýanyň goldawyna Türkmenistanyň ýokary baha berýändigini nygtady. Şol başlangyçlaryň biri-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy arkaly berkidilen, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky teklipdir.
Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň geçiriljekdigini belläp, Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Irakliý Kobahidzäni bu ýokary derejeli çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze Gruziýanyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Prezident Mihail Kawelaşwiliniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirip, Premýer-ministr Gruziýanyň Bitarap Türkmenistanyň netijeli syýasatyna ýokary baha berýändigini, sebitde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny nygtady.
Premýer-ministr Irakliý Kobahidze, ulag-logistika, energetika pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdy. Şeýle hem şu gün iki ýurduň wekiliýetleriniň duşuşygynda gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi berjekdigi nygtaldy.
Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça geçirilen pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň häzirki tapgyry we geljek üçin meýilnamalaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bu ulgamda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler bar.
Ulag-aragatnaşyk we energetika pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Gruziýa tarapyndan tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirildi diýip, TDH habar berýär.
ORIENT