FIFA 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatynda ýygyndy toparlaryň sanyny 64-e ýetirmek mümkinçiligine garar
07.03.2025 | 09:30 |Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýylyň Dünýä çempionatynda ýygyndy toparlaryň sanyny 64-e ýetirmek mümkinçiligine seredýär.
Bu teklip Urugwaýyň wekili tarapyndan öňe sürüldi. Ol şeýle giňeldilmegi 1930-njy ýylda dünýä çempionatynyň ilkinji gezek geçirilmeginiň 100 ýyllygyny alamatlandyryp biljekdigini belledi. 1930-njy ýylda ilkinji dünýä çempionatyny hut Urugwaýyň özi kabul edip, 100 ýyldan soňra hem ýaryşyň eýesi bolar.
ABŞ-nyň The New York Times gündelik gazetiniň ýazmagyna görä, FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino bu pikire oňaýly garap, ony gyzykly diýip atlandyrdy hem-de bu babatda geljekki derňewleriň zerurdygyny belledi.
FIFA geňeşiniň beýleki agzalarynyň muňa bolan jogaby birmeňzeş däldi. Käbir b görä, ýaryşyň 64 topara çenli giňeldilmegi duşuşyklaryň sanynyň köpelmegine, muňa görä hem, goşmaça maliýe girdejilerine getirip biler. Bu logistika bilen baglanyşykly kynçylyklary hem döredip biler.
2030-njy ýylyň Dünýä çempionaty üç yklymda, ýagny Ýewropada (Ispaniýa we Portugaliýa), Afrikada (Marokko) hem-de Günorta Amerikada (Urugwaý, Paragwaý we Argentina) geçer. Bu bolsa ýaryşyň taryhynda özboluşly ajaýyp bir ýagdaý bolar.
ORIENT news