Ýaşlaryň arasynda suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildi
03.03.2025 | 23:30 |Türkmenistanda zehinli, dile çeper, suhangöý ýaşlary ýüze çykarmak, pederlerimizden miras galan ene dilimiziň baýlyklaryny açyp görkezmek maksady bilen suhangöýlük sungaty boýunça bäsleşik yglan edildi.
Bäsleşigi geçirmekligiň anyk senesi ýokary okuw mekdepleriniň rektorlygy tarapyndan kesgitlener we 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ahyryna çenli ýokary hünär bilim edaralarynyň ählisinde geçirilip tamamlanar.
Bu bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, oňa gatnaşmaga isleg bildirenlere deslapky saýlama tapgyr guralar we onda ýokary okuw mekdepleriniň rektorlygy tarapyndan – häzirki zaman türkmen jemgyýeti, türkmen dili, Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary derslerinden hem-de Türkmenistanyň daşary syýasaty, türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly eserleri boýunça sowalnama taýýarlanyp, onuň netijesinde döwlet syýasatymyzy wagyz etjek “Ýaş wagyzçynyň” bilim derejesi barlanar we ýokary netije görkezenler bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçmäge hukuk gazanarlar.
Ikinji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara “Türkmenistanyň daşary syýasaty we hemişelik Bitaraplygy” atly tema boýunça çykyş edip, öz mümkinçiliklerini görkezmäge hem pursat dörediler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan ýaşlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Ýaş wagyzçylar” toparynyň agzasy bolmaga hukuk gazanarlar, hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Şeýle-de bäsleşige degişli ministrliklerden hem-de jemgyýetçilik guramalaryndan wekilleriň hem gatnaşyp biljekdikleri habar berilýär.
Bäsleşik baradaky giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz!
ORIENT