Iň täze habarlar

Moskwada 20-nji ýubileý Remezan Çadyry açyldy

03.03.2025 | 12:05 |
 Moskwada 20-nji ýubileý Remezan Çadyry açyldy

Moskwada Poklonnyý dagynda (Minskaýa köç., j.2B) 20-nji ýubileý “Remezan Çadyrynyň” açylyşy bolup geçdi. Bu barada taslamanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Şu ýyl bu taslama Beýik watançylyk urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, “Hakyda wagtdan mäkäm” diýlen şygar astynda geçirilýär.

Dabaraly çärä Russiýanyň Prezidentiniň Administrasiýa wekilleri, Döwlet Dumasynyň wekilleri, arap-musulman dünýäsiniň ýurtlarynyň Adatdan daşary we Doly ygytýarly ilçileri, jemgyýetçilik işgärleri, telekeçiler gatnaşdy. “Remezan Çadyrynyň” medeni-wagyz maksatnamasy taslamanyň esasy mowzugyny açyp görkezýän döredijilik çykyşlary, wideo ýazgylaryň görkezilişini öz içine aldy. Hakyky front hatlary çäräniň möhüm bölegi boldy.

Zähmet weterany Faniýa Bagautdinowa agşamky dabaranyň hormatly myhmany boldy. Birinji günüň gahrymany hökmünde 30 ýylyň dowamynda Moskwanyň Baş metjidiniň ymamy bolan, Beýik watançylyk urşunyň weterany Rizautdin Hazrat Basyrow saýlandy. Myhmanlar onuň durmuşy we zähmet ýoly baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar. Russiýanyň Musulmanlaryň ruhany müdirliginiň başlygynyň orunbasary Ruşan Hazrat Abbýasow, Remezanyň özboluşly ajaýyp aý bolup, dine ynanýanlaryň diňe bir ruhyý taýdan arassalaýşyna däl-de, eýsem adamlaryň birleşmegine ýardam berýändigi barada belledi. Muňa “Remezanyň Çadyry” hem şaýatlyk edýär.

Remezan Çadyry – bu her ýylky medeni we haýyr-sahawat çäresidir. Ol Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlaryň ruhany müdirliginiň we Moskwanyň hökümetiniň kömegi bilen Moskwanyň Musulmanlaryň ruhany müdirligi tarapyndan guralýar. Tutuş Remezan aýynyň dowamynda haýyr-sahawat agzaçarlary (musulmanlarda Remezan aýynyň dowamynda agşamky naharlanyşlary) geçiriler. Agşamky naharlaryndan başga-da, çadyrda açyk howada her günki 1200, şäheriň köpçülik ýerlerinde – 1000 agzaçar- gutularynyň paýlanylmagy meýilleşdirilen.

Agşamky çäreleriň guramaçylary bolup, 10 ýurt, şol sanda Türkmenistan hem çykyş eder. Her günki medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar her agşamky çäräni guraýjy-döwletiň taryhy we däp-dessurlary bilen tanyş bolarlar. Şeýle hem, taslamanyň çäklerinde ulylar we çagalar üçin küşt ýaryşlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Foto: shater-ramadana.ru

Şeýle hem okaň: