Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

26.02.2025 | 22:35 |
 Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

26-njy fewralda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem energetika we ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sadyr Žaparow, Türkmenistandan Gyrgyzystana energiýa üpjünçiligi meselesiniň çözülendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň web sahypasynda habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň mowzuklarynyň biri öňde boljak möhüm wakalar, hususan-da şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forum hakda boldy.

26022025-ministr-inostrannyh-del-turkmenistana-vstretilsya-s-prezidentom-kyrgyzstana (2).jpg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Prezident Sadyr Žaparowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bu halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy.

Gyrgyzystanyň Baştutany, gyrgyz tarapynyň Türkmenistan tarapyndan başy başlanan ýokary wekilçilikli derejedäki çärelere gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.

ORIENT

Foto: mfa.gov.kg

Şeýle hem okaň: