PETRONAS kompaniýasynyň talyp haklaryna arzalaryň kabul edişligi açyldy
03.03.2025 | 12:20 |“PETRONAS Çarigali Türkmenistan Sdn.Bhd.” Malaýziýanyň doly integrirlenen nebitgaz köpmilli kompaniýasy türkmenistanlylara Malaýziýanyň “PETRONAS” tehnologiýa uniwersitetinde aşakdaky ugurlar boýunça bilim almak üçin doly talyp haklaryny hödürleýär:
Inženerçilik işi:
Himiýa inženerçiligi
Nebitgaz obýektlerinde inženerçilik desgalaryň gurulmagy
Kompýuter inženerçiligi
Elektrik tehnikasy we elektronika
Materiallary öwrenişiň inženerçiligi
Mehaniki enjamlar
Nebit maşyn gurluşygy
Hasaplaşyklar:
Maglumat ulgamlar
Maglumat tehnologiýalary
Kompýuter ylymlary
Işewürligi dolandyrmak
Ylym:
Amaly himiýa
Nebit geologiýasy
Ähli synaglaryň we söhbetdeşlikleriň üstünlikli geçmeginde kompaniýanyň siziň arza beren ugruňyzdan tapawutly ugur boýunça tekliplerini hödürlemäge hukugy bar.
Arzalary himiýa, matematika we fizika dersleri boýunça tapawutly bahalar bilen orta mekdebi tamamlan 17-25 ýaş aralygyndaky şahslar tabşyryp biler.
Gyzyklanýan şahslar dalaşgäriň doldurylan şahsy maglumatyny tabşyrmaly: 3x4 ölçegindäki 10 (on) sany foto surat; içerki we biometriki (hereket ediş möhleti – 24 aýdan köp) pasportlaryň nusgalary; orta mekdebi tamamlandygy barada attestat ýa-da mekdepde ýetişik baradaky kepilnama; harby biletiň nusgasy, eger bar bolsa. Şeýle hem, olar iňlis dili baradaky bilimlerini tassyklaýan şahadatnamalary hem tabşrymaly: (TOEFL (Iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde bilýändigi barada synag) ýa-da IELTS (Halkara iňlis dili synag ulgamy) – iň pes baha: IELTS 5.0 ýa-da TOEFL iBT 50 ball).
Arzalar “UTP Intake 2025” belgisi bilen Türkmenistan, Aşgabat ş., 744027, Türkmenbaşy şaýoly, j.81 (B bina) salgy boýunça “PETRONAS Çarigali Türkmenistan Sdn.Bhd.” kompaniýanyň edarasyna tabşyrylmaly.
Arzalaryň kabul edilýän möhleti – resmi metbugatda çap edilenden 2 hepdäniň dowamynda.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312398000
ORIENT news