Iň täze habarlar

Bakuda Kremniý jülgesiniñ meñzeşini döretmegi meýilleşdirýärler

01.03.2025 | 09:15 |
 Bakuda Kremniý jülgesiniñ meñzeşini döretmegi meýilleşdirýärler

Bakuda Kaliforniýadaky meşhur Kremniý jülgesine menzeş IT-klasteri döretmegi meýilleşdirýärler.

Bu taslama Hazar deñziniñ kenaryndaky dünýä derejeli Sea Breeze kurort şäheriniñ çäginde durmuşa geçirilýär. Bu başlangyjy Agalarov Development köpugurly kompaniýasynyñ prezidenti Emin Agalarow öñe sürdi. Onuñ aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmek ugrunda Azerbaýjanyñ Ykdysadyýet ministrligi bilen gepleşikler geçirilýär. Esasy maksat - haklara işewürler toparlarynyň integrasiýasy hem-de deñize ýakyn ýerde işläp, ýaşap biljek IT-hünärmenler üçin amatly gurşawyñ döredilmegidir.

Bu taslamanyñ işleri eýýäm alnyp barylýar. Agalarowyñ aýtmagyna görä, kurortyñ daşynda maglumat merkezlerini we maýning fermalaryny gurup bolar. Bu babatda hytaý we ýewropa kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler geçirilýär.

ORIENT

Foto: az.sputniknews.ru

Şeýle hem okaň: