Tramp ABŞ-da iňlis dilini döwlet dili hökmünde ykrar etmek baradaky permana gol çekdi
03.03.2025 | 09:30 |ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň taryhynda ilkinji gezek, iňlis dilini federal derejede resmi dil hökmünde ykrar edýän permana gol çekdi. Ozal iňlis diliniň bu derejesi diňe aýry ştatlarda berkidilendi. ABŞ-nyň taryhynyň dowamynda ähli resminamalar, şol sanda Konstitusiýa we Garaşsyzlyk jarnamasy iňlis dilinde ýazylan hem bolsa, ýurtda kanunçykaryjy derejesinde resmi dil hiç haçan ýok diýen ýalydy.
Iňlis dili ABŞ-nyň 50 ştatynyň 32-de resmi dil hökmünde ykrar edilen diýip, iňlis diline resmi derejesiniň berilmeginiň tarapdarlary bolan ProEnglish topary hasabatyny çykardy. “Birleşen Ştatlarda eýýäm öňden bäri iňlis dilini resmi dil diýip ykrar etmegiň zerurlygy ýüze çykdy” – diýlip, permanda aýdylýar. Şeýle-de resminamada ABŞ-da 350-den gowrak diliň ulanylýandygyna garamazdan, umumy diliň “milli jebislige ýardam berýändigi” barada aýdylýar.
Hökümetiň 2019-njy ýylyň maglumatlaryna görä, ABŞ-nyň takmynan 68 mln ýaşaýjylary öýlerinde iňlis dilinde gürleşmeýärdi. Olaryň köpüsi ispan dilinde gürleşýärdi: olaryň sany 40 mln kän. Tramp ozal Jo Baýdeniň administrasiýasynyň immigrasiýa syýasatyny tankyt edende, iňlis dilini döwlet dili diýip yglan etmek mümkinçilikleri barada maslahatlaşýardy.
Özüniň täze permany bilen Tramp, 2000-nji ýyldaky Bill Klintonyň federal býujetden kömek alýan iňlis dilini bilmeýän raýatlaryň ýüz tutanlarynda, federal edaralary we guramalary terjimeçilik kömegine borçlandyrýan permanyny ýatyrdy. Indi beýleki dillerde hyzmatlary hödürlemegi isläp-islemeýändiklerini pudaklaýyn edaralaryň özi çözer.
Prezidentiň administrasiýasynda habar berilşine görä, permanyň maksady – iňlis dili başdan ene dili bolmadyk, emma ony öwrenip, geljekki nesillere ýetiren amerikalylara hormat goýmak hem-de şu köptaraply dil arkaly özüniň amerika arzuwyny durmuşa geçirip biljek immigrantlaryň özüne bolan ynamlylygyny artdyrmakdyr.
Tramp bir aýdan gowrak mundan ozal Ak tama gaýdyp geldi we bu döwrüň içinde köpsanly permanlara gol çekdi. Olaryň köpüsi “Amerikany gaýtadan beýik etmeli” diýen şygarynda beýan edilen Trampyň konserwatiw dünýägaraýşyny şöhlelendirýär.
Şeýlelikde, Tramp Meksika aýlagyny Amerika diýip atlandyrmak barada tabşyryk berdi, Alýaskada ýerleşýän Amerikanyň iň beýik belentligine ABŞ-nyň 25-nji prezidenti respublikançy Uilýam Makkinliň ady mynasybetli Makkinli adyny gaýtaryp berdi.
ORIENT