Iň täze habarlar

Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary çap edilen neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

03.03.2025 | 22:50 |
 Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary çap edilen neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

02.03.2025 ý. Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly şahyryň ukrain dilinde çap edilen neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu edebi eser beýik türkmen nusgawy şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň maý aýynda neşir edildi. Bu ýyl, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna şahyryň 300 ýyllygynyň hem girizilmegi bilen bagly çäre bu kitaphanada hem giň gerim aldy. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen bilelikde gurnalan bu çäre “Ukraina-Türkmenistan: Özara medeni baýlaşdyryş” mowzugyň çäginde geçirildi.

03032025-v-kieve-prezentaciya-sbornika-mahtumkuli (1).jpg

Çärä şahyrlar we ýazyjylar, edebiýatşynaslar we mugallymlar, aýdym-saz mekdepleriniň we döredijilik sungat birleşikleriniň wekilleri we okuwçylary, hem-de türkmen talyplar we türkmen kowumynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň diplomatik wekili öz çykyşynda görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatyna we şygryýetine ukrain tarapyndan gyzyklanmalar üçin minnetdarlyk bildirdi. Diplomat çykyşynda Magtymgulynyň döredijilik mirasyny, şahyryň durmuş ýoluny we pelsepewi garaýyşlaryny terjime eden we öwrenen XX-XXI asyryň ukrain medeniýet işgärleriniň goşandynyň gaty uludygyny we bu işleriň Türkmenistanda ýokary baha berilýändigini aýtdy. Olaryň hatarynda P.Mowçan we N.Waskiwiň şahyryň 300 ýyllygynda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragyny 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygyklaryny habar berdi.

03032025-v-kieve-prezentaciya-sbornika-mahtumkuli (3).jpg

Diplomat Aşgabat şäherinde 2024 ý. maý aýynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň arabaglanyşygy - Parahatçylygyň we ösüşiň esaslary” atly halkara forumynyň dabaraly ýagdaýda geçirilendigi, oňa birnäçe daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylary gatnaşandygy barada hem maglumatlary ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitaby boýunça geçirilen möhüm wakalar we çäreler barada habar berdi. Magtymgulynyň şygryýetiniň häzirki zaman ähmiýeti we Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip ykrar edilmeginiň hem aýratyn ähmiýete eýedigi aýdyldy.

Şeýle-de, häzirki wagtda Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň bitaraplygynyň taryhy we ýörelgeleri barada gürrüň berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, häzirki zaman global meselelerinde döwletleriň özara ynanyşmak, bilelikdäki diolog we jogapkärçilige esaslanýan tagallalaryny jebisleşdirmek baradaky pozisiýalaryny görkezýändigi bellenildi.

03032025-v-kieve-prezentaciya-sbornika-mahtumkuli (5).jpg

Ondan soň ukrain dilinde neşir edilen “Magtymguly Piragy. Ylham” atly kitabyň awtory, professor Nikolaý Waskiw çykyş etdi. Şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça özüniň uzak ýyllyk tejribesini paýlaşdy. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň ösüşine goşandy, daşary ýurtly we ukrain ýazyjylar, Pyragynyň ömrüni we döredijiligi öwrenijiler barada belläp, akyldaryň paýhasly şygyrlaryny we pelsepesini Ukrainada we bütin dünýäde mundan beýläk öwrenmegiň we ýaýratmagyň möhümdigini aýtdy.

Çärä gatnaşan medeni we bilim işgärleri, okuwçylar we talyplar Magtymgulynyň goşgularyny türkmen, ukrain we iňlis dillerinde çeper okadylar. Myhmansöýer türkmen topragyna baryp görmek mümkinçiligi bolanlar iň mähirli ýatlamalaryny we duýgularyny paýlaşdylar hem-de özleriniň düzmeklerinde Magtymguly bagyşlanan goşgularyny okadylar. Olaryň arasynda ukrain şahyry we edebiýatşynasy Ý.Karpess, çagalar ýazyjysy we mugallymy G.Žemula, filolog we mugallym L.Burmistrowa hem-de beýlekiler bar.

03032025-v-kieve-prezentaciya-sbornika-mahtumkuli (4).jpg

Milli saz guraly bolan dutarda milli sazlary ýaňlandy we ukrain kompozisiýalary sazlary çalyşyldy. Medeni çärä gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldyry Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygryýeti okyjylarda XVIII asyr şahyrynyň işine has çuňňur düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik döretjekdigini, dünýädäki şöhratyny artdyrjakdygyny we halkara medeni hyzmatdaşlygyny güýçlendirjekdigini bellediler.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy

Şeýle hem okaň: