Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Mejlisinde HZG-niň wekiliýeti duşuşuk geçirdi

03.03.2025 | 22:30 |
 Türkmenistanyň Mejlisinde HZG-niň wekiliýeti duşuşuk geçirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa we Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andres bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.

27-nji fewralda, penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işlere syn berdiler. Şonda milli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Şeýle hem, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmagyň mümkinçilikleri, tejribe alyşmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar we özara gatnaşyklaryň beýleki formatlarynda yzygiderli duşuşyklary guramak barada pikir alyşmalar boldy.

Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri türkmen tarapynyň bu ugurdaky işleriniň netijelerine ýokary baha berdiler we ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny mälim etdiler.

ORIENT

Foto: mejlis.gov.tm

Şeýle hem okaň: