Iň täze habarlar

BAE-da Remezan aýynyň başlanylmagyny takyk kesgitlemek üçin emeli aňly dronlar ulanyldy

01.03.2025 | 11:30 |
 BAE-da Remezan aýynyň başlanylmagyny takyk kesgitlemek üçin emeli aňly dronlar ulanyldy

Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) 2025-nji ýylda mukaddes Remezan aýynyň başlanylmagyny takyk kesgitlemek üçin emeli aňly dronlar ulanyldy.

Bu baradaky karar Remezanyň başlanmagyny alamatlandyrýan ýarymaýyň anyk görünmegini ýokarlandyrmak maksady bilen ýurduň Fatwa geňeşi tarapyndan kabul edildi.

Dronlar 2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda agşam wagty aýyň monitoringini geçirdiler. Bu hem Hijri boýunça 1446-njy ýylyň Şaban aýynyň 29-na gabat gelýär.

Emeli aň tehnologiýasy geografiki ýerleşişe we howa şertlerine bagly bolan adaty gözegçilik usullary bilen baglanyşykly ýalňyşlyklary azaltmaga mümkinçilik berdi.

2025-nji ýylda Mukaddes Remezan aýy 1-nji martda başlap, 29-njy martda tamamlanýar.

ORIENT

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: