TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaz we nah ýüplügi satyn alyndy
26.02.2025 | 10:29 |25-nji fewralda, sişenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa we ýeñil senagaty önümleri ýerlenildi.
Owganystanyñ telekeçileri "Türkmennebit" Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri nah ýüplügi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryñ netijesinde umumy bahasy 136 710 manada we 6 848 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiñiz.
ORIENT news