Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini we dokma önümleri satyn alyndy

28.02.2025 | 09:30 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “TS-1” kysymly uçar kerosini we dokma önümleri satyn alyndy

27-nji fewralda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.

Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “TS-1” kysymly uçar kerosini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

BAE-niň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerinden dokma önümlerini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 1 364 620 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: