Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 11 geleşik hasaba alyndy

03.03.2025 | 11:50 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 11 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 11 geleşik hasaba alyndy.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt pul birligine “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt pul birligine portlandsement, şeýle hem nah ýüplükleri, dürli görnüşli ýassyk-ýorgan daşlary, jins önümleri ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: BAE, Türkiýe, Owganystan, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy 10 mln 274 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazara ýerli işewürler buýan kökli çaý içgisini we nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 724 müň manatdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: