Iň täze habarlar

Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylary bilen duşuşdy

01.03.2025 | 03:45 |
 Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň dowamynda ýurduň ykdysady ösüşinde we sebitleýin hyzmatdaşlygynda öňdebaryjy halkara maliýe instituty bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine ünsi çekip, ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi. Saparyň dowamynda Antonella Bassani 28-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Antonella Bassani bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda, Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyny, ýurduň ykdysady ösüşine we ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilendigini aýtdy. Maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, dürli pudaklarda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ösüşiň ýokary depginini saklap galmaga mümkinçilik berýändigi nytaldy.

Ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hususy pudagy ösdürmek, ekologik durnuklylygyny üpjün etmek, makroykdysady syýasaty ösdürmek, maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmeginiň ulag-logistika pudagyny ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýändigine we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyna aýratyn üns çekildi. Prezident Türkmenistanyň şeýle taslamalary döretmäge gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady şeýle hem şeýle hem milli milli banklarymyz we hususy pudak bilen gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny şol sanda täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek baradaky pikirleri goldady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory Wibke Şlýomer bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ornuna ünsi çekdi we Bütindünýä bankynyň saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly esasy pudaklardaky taslamalary maliýeleşdirmekde möhüm goşandyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagynyň strategiki taýdan möhüm ugur hökmünde ösmegine we halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine, şonuň bilen birlikde Hazarüsti ýük daşamalaryny işjeňleşmegini we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Bütindünýä bankynyň anyk tekliplerine seretmäge, şeýle hem bu bank bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Halkara maliýe guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň we sebitde, umuman Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar.

Iki duşuşykdan jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda has konstruktiw dialoga taýýardygyny mälim etdiler.

ORIENT

Foto: worldbank.org

Şeýle hem okaň: