TEKNOFEST 2025 - daşary ýurt kompaniýalaryny tehnologiýa ýaryşlaryna gatnaşmaga çagyrýar
03.03.2025 | 21:55 |Dünyaniň iň uly awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly bolan TEKNOFEST, 2025-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýär.
Her ýyl geçirilýän ýaryş kategoriýalary bilen bilelikde tehnologiýa dünýäsine täzelikleri getirmegi maksat edinýän TEKNOFEST-iň çäklerinde geçiriljek tehnologiki ýaryşlar daşary ýurtlaryň hem informatika, täze tehnologiýalar ýaly pudaklarda hereket edýän kompaniýalaryna gatnaşmak üçin açyk bolup, bu tehnologiki ýaryşlara 15.03.2025 senesine çenli gatnaşmak mümkinçiliginiň dowam edýändigi habar berilýär.
TEKNOFEST tehnologiýa ýaryşlarynyň programmalary T3 korporatiw dolandyryş ulgamy (T3CMS - t3kys.com) arkaly dolandyrylýar. Bäsleşik prosesi we resminamalary tabşyrmak bu ulgamyň üsti bilen amala aşyrylýar we TEKNOFEST tehnologiýa ýaryşlaryna ýüz tutmak üçin T3 CMS hasaby bolmaly. CMS arkaly islendik TEKNOFEST bäsleşigine ýüz tutmak üçin ilki bilen profil döretmelidir. CMS-de eýýäm profiliňiz bar bolsa, www.t3kys.com salgysyny ulanyp, giriş sahypasyna girip bilersiňiz.
TEKNOFEST-de gatnaşmak mümkinçiligi üçin senesiniň möhleti uzaldylan teknologiki ýaryşlaryň giňişleýin maglumatlary bilen şu salgyda http://mth.tc/b1svi tanşyp bilersiňiz!
ORIENT