Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Bişkekde gepleşikleri geçirer

26.02.2025 | 04:55 |
 Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Bişkekde gepleşikleri geçirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gepleşikleri geçirmek üçin 25-nji fewralda sapar bilen Bişkek şäherine bardy.

Gyrgyzystanyň paýtagtyndaky “Manas” halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany we onuň ýany bilen baran wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Temirbek Erkinow garşy aldy.

Saparyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen gepleşikleri geçirer, şeýle hem Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy meýilleşdirilýär diýip, Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň web sahypasynda habar berilýär.

ORIENT

Foto: mfа.gov.кg

Şeýle hem okaň: