Iň täze habarlar

Aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri öz öňlerinde has belent maksatlary goýýarlar

25.02.2025 | 13:00 |
 Aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri öz öňlerinde has belent maksatlary goýýarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň özara gatnaşygyny has-da kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. Agentlik tarapyndan Türkmenistanda zehinli alymlaryň täze neslini höweslendirmäge hem-de goldamaga we netijede IT-tehnologiýalaryndan baş alyp çykýan türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýan täze sanly önümleri durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Şonuň bilen baglylykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde bilim alýan zehinli ýaşlaryň işläp düzen Agentligiň mincom.gov.tm resmi web-sahypasynda fiziki we ýuridiki şahslar tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän radioelektron serişdeleri (öýjükli telefonlar, Wi-Fi routerler we ş.m.) Türkmenistanyň çägine girizmäge rugsat almak üçin degişli arzalaryny elektron görnüşde kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Bir penjire» ulgamynyň açyk portalynyň bu hyzmaty üçin rus we iňlis dilleri işlenip düzüldi. Elektron görnüşde kabul edilýän arzalara we rugsatnamalara hem daşary ykdysady işiň haryt sanawyna laýyklykda radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ulanýan kodlary we beýleki ulgamyň işi üçin gerek bolan beýleki resminamalaryň kodlary girizildi.

Häzirki wagtda Agentlikde maglumat-tehnologiýalary binýady döredildi we işjeň ýagdaýda arzalar diňe mincom.gov.tm resmi web-saýtyň üsti bilen kabul edilýär, şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berilýän rugsatnamalaryň ählisi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sanly ulgam arkaly iberilýär. Resminamalar içki IP-torunyň üstünden ugradylýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde döredilen bu maglumat binýady daşary ýurtdan getirilýän radioelektron serişdeler barada ähli maglumatlary, ýagny rugsatnamalary, gümrük resminamalary, enjamlaryň markasy, modeli, sany we her biriniň zawod hem-de IMEI belgilerini özünde jemleýär.

ORIENT news

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: