Iň täze habarlar

«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» - ýaş nesiller ýylyň şygaryna bagyşlanan sergide

22.02.2025 | 15:00 |
 «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» - ýaş nesiller ýylyň şygaryna bagyşlanan sergide

21-nji fewralda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly döredijilik sergisi guraldy.

1

Sergide Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň dürli ugurdaky eserleri görkezildi.

2

Paýtagtymyzyň birnäçe çagalar baglarynyň korpejeleriniň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň sergä gelip onda görkezilen eserler bilen içgin tanyşmaklary ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýetli boldy.

3

Ussat heýkeltaraş, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň döwrebap şäher binagärligimiziň şekil taslamalarynda we şekillendiriş sungatynda parahatçylygy, asudalygy wasp edýän eserler barada çagalara gyzykly gürrüňler bermegi ýatda galyjy pursatlara baý boldy.

4

Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda mugallymlar ýaş nesillere «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň düýp manysyny giňişleýin düşündirip geçdiler.

5

6

ORIENT news

Foto: Guramaçylar tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: