Iň täze habarlar

Hytaýyñ DIM-iñ ýolbaşçysyna ýurduñ daşary syýasaty barada sowalyñyzy berip bilersiñiz

21.02.2025 | 11:56 |
 Hytaýyñ DIM-iñ ýolbaşçysyna ýurduñ daşary syýasaty barada sowalyñyzy berip bilersiñiz

Martda geçiriljek Halk wekilleriniñ 14-nji çagyryşyñ ählihytaý ýygnagynyñ üçünji sessiýasynda Hytaýyñ daşary işler ministri Wan I hytaý we daşary ýurt metbugatynyñ wekilleri bilen duşuşyp, Hytaýyñ daşary syýasaty baradaky soraglara jogap berer.

China Daily öz okyjylaryny DIM-iñ ýolbaşçysyna Hytaýyñ halkara gatnaşyklar babatda alyp barýan syýasaty hakynda iñ gyzyklanýan soraglaryny bermäge çagyrýar.

Soragyñyzy China Daily saýtynda bellikler üçin ýerde ýerleşdirip bolar ýa-da webeditor@chinadaily.com.cn salgy boýunça ugradyp bilersiñiz. China Daily-niň habarçysy soragyñyzy metbugat maslahatynda beýan eder.

ORIENT news

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: