Iň täze habarlar

20-nji fewral — Bütindünýä maglumat dolandyryş güni

20.02.2025 | 20:40 |
 20-nji fewral — Bütindünýä maglumat dolandyryş güni

Her ýyl fewral aýynyň üçünji penşenbesinde Bütindünýä maglumat dolandyryş güni (Global Information Governance Day) bellenilýär. Bu gün häzirki zaman dünýäde maglumatlary başarnykly dolandyrmagyň ähmiýetine ünsi çekmek we jemgyýeti onuň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdyrmak üçin döredildi. Şu gün köpçülikleýin habar beriş kampaniýalary, çekişmeler, türgenleşikler we bilim okuwlary guralýar.

Häzirki döwürde maglumat iň möhüm serişdeleriň birine öwrüldi: ol bolmazdan ne ylmy gözlegleri, ne-de işewürlik proseslerini, ne-de döwlet we jemgyýetçilik edaralarynyň işini göz öňüne getirmek mümkin. Emma uly göwrümli maglumatlar düzüwleşdirilmese, olaryň özbaşdak gymmaty azalýar we täsirli ulanylmaga ýaramaz bolýar. Şol sebäpden, maglumat dolandyryşy möhüm hasaplanýar. Ol maglumatlar gerekli adamlara elýeterli, düşnükli we peýdaly bolar ýaly, maglumatlaryň ýygnalmagyny, saklanylmagyny, işlenip taýýarlanylmagyny we ýaýradylmagyny guraýar.

Bu diňe resminamalar ýa-da maglumatlar binýady bilen işlemek bilen çäklenmän, eýsem adamlara we guramalara dogry karar kabul etmäge kömek edýän çemeleşmeler we gurallar ulgamydyr. Täsirli maglumat dolandyryşy dünýäni has gowy düşünmäge, çözgütleri çalt tapmaga we täze önümleri hem hyzmatlary döretmäge mümkinçilik berýär.

Maglumat dolandyryşy döwlet dolandyryşy, işewürlik, lukmançylyk, bilim we tehnologiýa ýaly dürli ugurlardaky işleri kämilleşdirmäge ýardam edýär. Uly maglumatlar (Big Data) we emeli aň (AI) ägirt uly maglumat toplumlaryny täsirli dolandyrmagyň esasynda işleýär. Maslahat beriji ulgamlaryň (meselem, Netflix ýa-da YouTube platformalaryndaky) ulanyjylaryň seredýän mazmunlaryny we isleglerini seljerip, degişli mazmuny hödürlemegi munuň aýdyň mysalydyr.

Soňky ýyllarda adamzat mundan öňki taryhyň dowamynda döredilen maglumatlardan has köp maglumat döretdi. Internediň ösmegi we sanly enjamlaryň elýeterliligi bilen bu ýagdaý has hem çaltlaşýar. 1960-njy ýyllarda maglumatlar binýadynyň ilkinji kompýuter dolandyryş ulgamlarynyň biri bolan Integrated Data Store (IDS) işlenip düzüldi. Ol bu ugurda soňraky çözgütler üçin nusga boldy.

Sanly tehnologiýalar eýýamynda maglumatlaryň göwrümi çalt artýar. Olary näçe ýokary hilli ýygnamagy, saklamagy we seljermegi öwrensek, şonça-da has ähmiýetli netijeleri gazanyp bileris. Maglumat üstünlik gazanmagyň açarydyr, oňa jogapkärli we başarnykly çemeleşmek bolsa ösüşe we rowaçlyga barýan ýoly açýar.

ORIENT

Foto: xjtlu.edu.cn

Şeýle hem okaň: