Ýapon saz we tans sungaty Aşgabatda görkezildi
22.02.2025 | 19:35 |19-njy fewraldan 23-nji fewrala çenli ýapon artistler Kikuçi Ýutaka we Ueda Çiho Türkmenistanda bolup, medeni ugurly okuw mekdeplerinde ýapon milli saz we tans sungaty boýunça ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. 19-njy fewralda olar Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp, Kikuçi Ýutaka üç tarly, çirtilip çalynýan saz guraly – sýamisende çalmak boýunça tanyşdyryş sapagyny geçirdi. Bu gural biwa, koto we şakuhati bilen birlikde Ýaponiýanyň esasy saz gurallarynyň biridir. Ueda Çiho bolsa ýapon milli tans sungatyny ýerine ýetirip görkezdi.
Duşuşykda myhmanlar konserwatoriýanyň mugallymlaryna we talyplaryna däp bolan ýapon medeniýeti barada gürrüň berdiler we çykyşlaryny saz hem-de tans bilen bezediler. Öz gezeginde, konserwatoriýanyň «halk saz gurallary» hünäriniň mugallymlary we talyplary myhmanlara türkmeniň milli saz we aýdym sungatyny görkezdiler. Iki halkyň medeniýetleriniň şu duşuşygy çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şeýle gyzykly we täsirli duşuşyklar 20-nji fewralda D. Owezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynda hem geçirildi. Ýapon medeniýet işgärleri ýaşlara Kabuki teatrynyň aýratynlyklary, milli tanslar hem-de halk aýdymlary bilen tanyşdyrdylar. «Miras» talyplar folklor-tans topary bolsa, «Küştdepdi» meşhur türkmen tansyny ýerine ýetirdi. Myhmanlar Institut muzeýiniň türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy görkezilen ekspozisiýasy bilen hem tanyşdylar.
Kikuçi Ýutaka we Ueda Çihonyň Türkmenistandaky maksatnamasynyň çäklerinde- 21-nji fewralda Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan imperator Naruhitonyň doglan güni mynasybetli guralan kabul edişlikde çykyş etmek. 23-nji fewralda Ýaponiýanyň döwlet we halk agzybirliginiň nyşany bolan imperatory 65 ýaşaýar.
Sazanda Kikuçi Ýutaka diňe bir Ýaponiýada däl, eýsem, ABŞ, Ispaniýa, Hytaý, Germaniýa, Rumyniýa ýaly ýurtlarda hem milli saz sungatyny görkezip, uly meşhurlyga eýe boldy. Milli ýapon tansynyň ýerine ýetirijisi, Ýaponiýanyň iň gadymy we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Tokio sungat uniwersitetini tamamlan Ueda Çiho hem köp sanly ýurtlarda çykyş etdi. Onuň tans sungaty Türkmenistanda Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan çäreleriň çäklerinde tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
ORIENT