Iň täze habarlar

Hytaýyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyryldy

23.02.2025 | 00:05 |
 Hytaýyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyryldy

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi Parahat Durdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda penşenbe güni geçirilen duşuşykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geçen ýylda ýeten esasy sepgitleri gözden geçirdi. Taraplar strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigini we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde kesgitleýji orny eýeleýändigini nygtadylar.

Ilçi Durdyýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň biragyzdan kabul edendigini belledi. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Lýu Bine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň we Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Lesziniň adyna ýollanan resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.

23022024-rukovodstvo-kitaya-priglasili-na-forum-mira-i-doveriya-v-ashhabad (1).jpg

Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taraplaryň taýýardyklary mälim edildi.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: