Aşgabatda Ýaponiýanyň Imperatorynyň doglan güni bellenildi: has inçe sungat we berk aragatnaşyk
22.02.2025 | 22:05 |Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy anna güni möhüm wakany – Onuň Alyhezretleri Ýaponiýanyň Imperatorynyň doglan gününi bellemek üçin dabaraly kabul edişlik geçirdi. Bu waka diňe bir jemgyýetçilik çäresi bolman, eýsem milletiň agzybirligini we imperator nesliniň köp asyrlyk taryhyna hormat goýulmagyny alamatlandyrýan Günüň dogýan ýurdunyň senenamasyndaky möhüm tapgyrdyr.
Imperator Naruhitonyň 23-nji fewralda bellenilýän doglan güni – Ýaponiýanyň esasy milli baýramlarynyň biridir. Şol gün ýaponlar döwletiň Baştutanyna hormat goýýarlar we Ýaponiýanyň medeni kodunyň aýrylmaz bölegi bolan imperator häkimiýetine sarpa goýýarlar. Adatça Tokioda, Imperatory hem-de onuň maşgalasyny hut özleri gutlamak üçin Imperator köşgüniň diwarlarynyň ýanynda müňlerçe adam ýygnanýar.
Aşgabatdaky kabul edişligiň atmosferasynda ýapon gözelligi we myhmansöýerligi duýulýardy. Girelgede myhmanlary güllerdir nagyşlar bilen bezelen, Ýaponiýanyň tebigatynyň şekillendirilýän sergisi, afişalar we adaty ýapon eşiklerini “synap görmäge” mümkinçilik berýän ajaýyp surata düşmek üçin stendleri garşy aldy. Zala bolsa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň agzalary, medeniýet, işewürlik, metbugat we beýleki ugurlaryň wekilleri ýygnandylar. Mähirli ýylgyryşlar, gutlaglar – bularyň hemmesi Ýaponiýanyň medeniýetine we däp-dessurlaryna goýulýan uly hormatyň nyşany boldy.
Kabul edişlikde Ýaponiýanyň ilçisi Sasaki Hiroşi çykyş edip, bütin dünýädäki Ýaponiýanyň ilçihanalarynda, Beýik Britaniýanyň däpleri ýaly, häzirki Imperatoryň doglan gününde Milli kabul edişlik guralýandygyny belledi.
Ilçi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesine üns çekdi hem-de hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda oňyn ösüşiň gazanylandygyny nygtady. Sasaki Hiroşi aýratynlykda şu ýylyň aprelinde Kansaý sebitiniň Osaka şäherinde açyljak Bütindünýä sergisine we bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa meýilleşdirilen saparyna ünsi çekdi.
Türkmen dilinde çykyş eden ilçiniň bellemegine görä, bu sapar iki ýurduň bähbidi üçin netijeli bolar diýip umyt etdi we munuň üçin öz tarapyndan elinden gelen ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Ýaponiýanyň milli baýramy mynasybetli Ýaponiýanyň halkyna parahatçylyk we agzybirlik, Imperator Naruhito bolsa doglan güni mynasybetli berk jan saglyk, uzak ömür we Gün dogýan ýurduň gülläp ösmegi üçin alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip iberen gutlaglaryny ýetirdi.
Şu ýyl biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagymyzyň 33 ýyllygyny belleýäris. Bu döwürde özara ynananyşmak, hormat we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde uly ösüş gazanyldy diýip, ministr aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu dostlukly gatnaşyklaryň esasy şertleriniň biri hem ýokary we iň ýokary derejeli syýasy gepleşikleriň yzygiderli alnyp barylmagydyr.
Iki ýurduň ykdysadyýetde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Muňa mysal hökmünde himiýa senagatynda, elektroenergetika pudagynda we beýleki ugurlarda iri toplumlaryň hem-de kärhanalaryň gurluşygy boýunça amala aşyrylan taslamalary görkezmek bolar. Bu taslamalaryň esasy hyzmatdaşlary “Kawasaki”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Sojitz”, “Toyo: we beýleki ýapon kompaniýalarydyr. Meredowyň bellemegine görä, bilelikdäki taslamalaryň umumy bahasy takmynan 8 milliard ABŞ dollaryna deňdir.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň 6 sany ýokary okuw jaýynda we 12 sany mekdepde ýapon dili okadylýar. Jemi 15 müňden gowrak türkmenistanly ýapon dilini öwrenýär, şolaryň 3,5 müňüsi talyp, 11,5 müňüsi bolsa mekdep okuwçysydyr.
Myhmanlary ýapon medeniýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen, kabul edişlige Ýaponiýadan ýörite myhmanlar çagyryldy: Ueda Tiho ýapon tansynyň inçe tehnikasyny görkezdi, Kikuti Ýutaka, şamisen saz guralynda özüne çekiji çykyşyny ýerine ýetirdi. Aýdym-sazly çykyşlarda türkmen talyplary hem çykyş etdi.
Resmi bölüm tamamlanandan soň, myhmanlara adaty ýapon tagamlary we içgileri hödürlendi. Ýapon aşhanasynyň ýönekeý we bir wagtda inçelik bilen bezelýän tagamlary – suşiden başlap, tempura we süýji tagamlara çenli – gyzykly gastronomik syýahat boldy.
Aşgabatdaky Ýaponiýanyň ilçihanasynyň geçiren kabul edişligi diňe bir Imperatoryň doglan gününe bagyşlanan dabaraly çärelere bolman, eýsem, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Hormat goýmak, myhmansöýerlik we birek-birege gyzyklanma bildirýän atmosfera iki ýurduň arasynda medeni dialogyň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ähmiýetini nygtady.
ORIENT