Pikiriň güýji bilen ýazmak – fantastika däl, tehnologiya
20.02.2025 | 20:30 |Dünýäde emeli aň ugrunda öwrülişik bolup geçýär, we hünärmenleriň pikiriçe, onuň geljegi uly ugurlarynyň biri-de kontaktsyz interfeýsleriň ösmegidir. Bu adam bilen kompýuteriň özara täsiriniň täze usullarynyň esasyny goýup biler. Meta kompaniýasy pikiriň kömegi bilen tekst girizmäge mümkinçilik berýän innowasion, inwaziw däl neýrointerfeýs işläp düzdi.
Bu işläp taýýarlama beýniniň elektrik işjeňligini belleýän magnit-ensefalografiýa skaneriniň ulanylmagyna esaslanýar. Beýniniň signallaryny seljerip, ulgam ulanyjynyň haýsy harplary ýazmaga synanyşýandygyny anyklap bilýär. Geçirilen synagda 35 meýletinçi gatnaşdy, we çuňňur neýron tory esasynda döredilen algoritm harplary tanamakda 80% takyklyga ýetdi.
Tehnologiýa entek köpçülikleýin ornaşdyrylmaga taýyn däl, sebäbi onuň enjamlaýyn çäklendirmeleri we enjamlarynyň ýokary bahasy bar. Mundan başga-da, kelläniň hereketlerine aşa duýgurlygy sebäpli signallaryň dogry tanalmagyna täsir edýän kynçylyklar ýüze çykýar. 80% takyklyga garamazdan, ortaça ýalňyşlyk derejesi 32% töweregi boldy, bu bolsa tehnologiýanyň häzirlikçe amaly taýdan ulanmak üçin amatly däldigini görkezýär. Mundan başga-da, tehnologiýa daşky magnit meýdanlaryndan goralan ýörite enjamlaşdyrylan otaglary talap edýär.
2017-nji ýylda Mark Sukerberg «beýniden gönüden-göni tekst ýazmaga» mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzmek barada belläp geçipdi. Ilkinji meýilnama kompaniýanyň kiçi göwrümli enjam – meselem, baş gap ýa-da kelle daňysy ýaly, beýniniň yşaratlaryny okap, olary tekste öwürýän enjam döretmegini göz öňünde tutýardy. Emma taslama tehniki çäklendirmelere sezewar boldy we dört ýyldan soň onuň sarp ediji görnüşinden el çekildi.
Şeýle-de bolsa, Meta neýroylmy barlaglaryna maýa goýmaga dowam etdi. Onuň hünärmenleri tarapyndan döredilen täze tehnologiýa entek diňe laboratoriýa şertlerinde synag edilse-de, kompaniýa ony strategiki ugur hökmünde kabul edýär. Bu tehnologiýa adam pikirlenişini has çuňňur öwrenmäge we emeli aňy ösdürmäge ýardam berip biler.
ORIENT